Hukukçy hakynda
Hukukçy hojalyk jemgyýeti 2017-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda ol Türkmenistandaky birnäçe hukuk kärhanalarynyň biri bolup Türkmenistanyň çäginde telekeçilik işi boýunça hukuk kömegini we hukuk maslahatlarynyberýär. Döredilen gününden bäri, Hukukçy Türkmenistanda nebit-gaz, telekommunikasiýa, söwda, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklarda işleýän dürli milli we halkara kompaniýalar bilen işleşip gelýär. Hukukçy esasy ünsüni telekeçilik işi bilen bagly kanunçylykda jemleýär, şol sanda şertnama, zähmet, täjirçilik we söwda, salgyt, nebit we gaz, maýa goýum, korporatiw, walýuta, administratiw hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunlary we kanun asty namalary. Özüniň 3 sany ygtyýarnamaly şärikden, 4 sany hünärmenden we 2 sany kiçi hünärmenden ybarat düzümi bilen, Hukukçynyň ýokary hünär taýýarlygy, bilimi we özüniň milli we daşary ýurtly müşderileriniň bähbitlerini gorap çylşyrymly hukuk meseleleri çözmekde köpýyllyk iş tejribesi bar. Türkmenistanda telekeçilik işine başlamak we ony alyp barmak meselesinde Hukukçy, islendik edara görnüşli tarapyň(müşderileriň isleglerine we işlerine baglylykda) döredilmeginden, onuň Türkmenistanyň degişli edaralarynyň we guramalarynyň hasabyndan çykarylmagy/ işiniň ýatyrylmagy bilen baglanşykly hukuk maslahatlary berýär. Hukukçynyň hünärmenleri müşderilerine olaryň şertnama gatnaşyklarynda hukuk kömegini üpjün edýärler we şertnamalara gol çekmek we olary ýerine ýetirmek döwründe hukuk maslahatlaryny berýärler. Şertnamany durmuşa geçirmek tejribesi nukdaýnazaryndan Hukukçy, müşderileriniň deslapky gepleşikler döwründe şertnamanyň görnüşini kesgitlemek, şertnamany düzmek ýa-da eýýäm düzülen şertnamany ýerli we halkara täjirçilik kadalaryna laýyklykda barlamak babatda hukuk kömegini berýär. Mundan başga-da, Hukukçy müşderileriň alyp barýan işleri boýunça zähmet, salgyt, ätiýaçlandyryş, walýuta, we bank kanunçylygy nukdaýnazarlaryndan hukuk maslahatlaryny berýär, jedelli ýagdaýlar boýunça hukuk netijenamalaryny berýär we şertnamalary ýerine ýetirmek döwründe çykyp biljek jedelleri çözmek meseleleri boýunça müşderileriniň bähbilerini goraýar Hünämenleriň edýän adaty işleri bilen bir hatarda, Hukukçy müşderileriniň alyp barýan işleriniň milli kanunçylygyň talaplarynalaýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanda hereket edýän kanunlar we kanunasty namalar barada müşderileri yzygiderli habardar edýär.