• Guramaçy topar

  • 24 Dek, 2024

Mysaly okuw bäsleşigi

Hormatly talyplar we mugallymlar!
“Hukukçy” hojalyk jemgyýeti, 2021-2023-nji ýyllarynyň noýabr we dekabr aýlarynyň dowamynda talyplaryň ýokary okuw mekdebinde alýan nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmak, olaryň geljekki hünär işi üçin zerur bolan durmuş başarnyklaryny, hukuk endiklerini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzda hukuk aňyýetiniň, biliminiň hem-de medeniýetiniň ösüşine goşant goşmak maksady bilen hukuk hünäri boýunça okaýan talyplaryň arasynda mysaly okuw-tejribe bäsleşigini geçirdi. Bäsleşik, tejribeden alnan bir jedelli ýagdaýy Türkmenistanyň kanunçylygyna esaslanyp seljermek we ony mysaly kazyýet önümçiligini gurnamak görnüşinde geçirildi.
Bäsleşigiň 2021-2023 ýyllaryň dowamynda geçirilen tapgyrlaryna ýokary okuw mekdeplerinde hukuk hünärini öwrenýän talyplaryň takmynan 200-den gowragy gatnaşdylar. Bu bizi diýseň buýsandyrýar, we bäsleşigiň indiki tapgyrlarynda hukukçy talyplaryň arasynda bäsleşige gatnaşmaga höwes bildirýänleriň sanynyň has hem artmagyny umyt edýäris.
Häzirki wagtda “Hukukçy” hojalyk jemgyýeti, bäsleşigiň has-da çekeleşikli ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, bäsleşigi 2025-nji ýylyň ýaz aýlarynda jemgyýetimiziň gurnajak beýleki çäreleriniň çäklerinde geçirmegi meýilleşdirýär. Şol sebäpli bäsleşigiň 2024-nji ýyldaky tapgyryny geçirmeýändigimizi Size habar berýäris.