• Guramaçy Topar

  • 08 Apr, 2025

Mysaly Okuw Bäsleşigi - 2025

Häzirki wagtda “Hukukçy” hojalyk jemgyýeti, bäsleşigiň bu ýylky tapgyryny 2025-nji ýylyň aprel – maý aýlarynda geçirmegi meýilleşdirýär. Bu ýyl geçiriljek mysaly okuw bäsleşigi raýat hukuk gatnaşyklarynda ýüze çykýan jedelli ýagdaýlardan düzülen mysaly işden ybarat bolar.
Bu ýyl bäsleşik diňe 1/4 final, 1/2 final we jemleýji tapgyrlary öz içine alar. Wagt çäklendirmesi sebäpli, 1/8 final tapgyry öňki ýyllardaky ýaly geçirilmez.
Bäsleşigiň raýat kanunçylygy ugry boýunça geçirilýän tapgyrlarynyň netijesinde ýeňijiler kesgitlenip, baýraklar bilen sylaglanar.
Isleg bildirýän talyplar topar maglumatlaryny hukukchy.mootcourt@gmail.com salgysyna ibermäge çagyrylýar.
Ýatlatma: Her topar iki sany hukuk ugrundan okaýan talypdan ybarat bolmalydyr.